Dünýäniň iň görmegeý ýaşaýjysy Golliwudyň 62 ýaşly aktrisasy Demi Mur boldy. Ol «People» neşiriniň her ýylky «Most Beautiful Person» reýtinginde öňdeligi eýeledi diýip, «kino.mail.ru» habar berdi.
Žurnalyň redaksiýasy aktrisany diňe bir planetanyň iň özüne çekiji adamy hökmünde yglan etmän, onuň bilen gözellik we aktýorlyk käri barada söhbetdeşlik hem gurady. Demi Muruň aýtmagyna görä, onuň gazanan iň beýik azatlygy özüni ähli kemçiligi hem-de artykmaç taraplary bilen bolşy ýaly kabul etmekde jemlenýär. Aktrisa ýaşynyň gaýdyşmagy bilen baglylykda, keşbinde döreýän ähli özgerişlikleri görýändigini, emma özüni şu durkunda kanagatlanma bilen kabul edýändigini nygtady.
«People» her ýyl dünýäniň iň owadan adamyny yglan edýän ýörite sanyny çap edýär. Dürli ýyllarda onuň daşky jildinde kino we aýdym-saz sungatynyň meşhur wekilleriniň fotosuratlary ýerleşdirildi.