Gyrgyzystanda Prezident Sadyr Žaparow bilen bolan duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň hem aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyp, Prezident Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagyna umyt bildirdi.
«Biziň ýurtlarymyz halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça bitewi ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýärler» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda gyrgyz Lideri Türkmenistanyň Prezidentini, Halk Maslahatynyň Başlygyny we doganlyk türkmen halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli boljak giň gerimli baýramçylyklar bilen gutlady.