Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Gyrgyzystana bardy.
Şu gün Çolpon-Ata şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşik geçirildi. Bu barada president.kg habar berdi.
Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem-de sebitleýin başlangyçlary öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezident Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň gyrgyz we türkmen halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk dostlugy berkitmekde möhümdigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynda ygtybarly oňyn ösüşi belläp geçdi.
Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň Russiýa, Wengriýa, Özbegistan we Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn ösüş gaznalaryny döretmekdäki tejribesine laýyklykda, Gyrgyzystan-Türkmenistan Ösüş Gaznasyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde döwlet Baştutanyna mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky çuňňur, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň söwda, gaz, energiýa, ulag, medeniýet we bilim ýaly ähli möhüm ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.
Prezident Sadyr Žaparow gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze geljegi açjakdygyna ynam bildirdi. Şu nukdaýnazardan beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň sözlerine salgylanyp: «Agzybirlik arzuwlary hakykata öwürýän güýçdir» diýdi.