Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:5822.04.2025
0
23953

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstanyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Farrelle Rim Papasy Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda «Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakdaky, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar» diýip belledi.

https://turkmenportal.com/blog/90222/prezident-turkmenistana-vyrazil-soboleznovaniya-v-svyazi-so-smertyu-papy-rimskogo-franciska

2. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere hem-de ýangynyň döremeginiň öňüni almak boýunça çärelere ünsi çekdi. Wise-premýer T.Atahallyýew bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýän ideg işleri hem-de gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilýändigi barada hasabat berdi.

https://turkmenportal.com/blog/90219/prezident-turkmenistana-provel-rabochee-soveshchanie-s-hyakimami-velayatov

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana dostlukly saparynyň çäklerinde Türküstandaky «Hazret Sultan» milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine bardy, bu ýerde iki ýurduň müftileri mukaddes Gurhandan aýat okadylar hem-de doga-dileg etdiler.

https://turkmenportal.com/blog/90215/gurbanguly-berdymuhamedov-posetil-mavzolei-hodzha-ahmeta-yasavi

4. Şeýle hem türkmen wekiliýeti «Etnoaul» milli medeni toplumyna baryp, gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary bilen tanyşdy.

https://turkmenportal.com/blog/90220/nacionalnyi-lider-turkmenskogo-naroda-oznakomilsya-s-kulturnymi-obektami-turkestana

5. Sapar «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk-maglumat merkezinde dowam etdi. Bu ýerde myhmanlar Türküstan barada wideoşekile tomaşa etdiler we taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar. Sapar «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp görmek bilen tamamlandy.

https://turkmenportal.com/blog/90221/gurbanguly-berdymuhamedov-posetil-turisticheskii-kompleks-karavansaray-turkistan

6. Afyon-Karahisar şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary» atly işewürlik forumy guraldy. Bu çärä türk kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulyýew ýurduň halkara söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge jogapkärli çemeleşýändigini aýtdy. Gatnaşyjylar nebithimiýa senagaty, obasenagat toplumy, ulag-logistika pudagy we telekommunikasiýalar ýaly türk maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/90206/turkmenistan-provel-delovoi-forum-v-turcii-po-privlecheniyu-investicii

7. Türkmenistandan ýapon dili mugallymlary, är-aýal Esenmyrat we Maýsa Dadaýewler Sukuba uniwersitetiniň «Halkara we ýokary ýapon dili bilimi» boýunça maksatnamasynyň magistr derejesini üstünlikli tamamladylar. Aşgabatdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde işleýän bu maşgala Ýaponiýada bu ugur boýunça magistraturany tamamlan Türkmensitanyň ilkinji wekilleri boldular. Dadaýewler häzirki wagtda doktorlyk okuwlaryny dowam etdirýärler, ýapon dilini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmegi we zähmet ýoluny öz ýurtlarynda dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

https://turkmenportal.com/blog/90200/cheta-dadaevyh--pervye-iz-turkmenistana-kto-okonchil-magistraturu-po-yaponskomu-yazyku-v-universitete-cukuby

Dünýäde

1. Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary adam gözüne düýbünden täze reňki – «Olo» diýlip atlandyrylan adatdan daşary doýgun gök-ýaşyl öwüşgini duýmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdi. Alymlar «Oz» lazer ulgamyny ulanyp, diňe M-konuslary saýlap gyjyndyryp, synag edilýänlere adatdan daşary doýgun reňki görmäge mümkinçilik berdiler. Synaglara gatnaşanlar «Olo» öwüşgininiň doýgunlygyna iň ýokary 4-den 4 bal baha berdiler, şuňa meňzeş öwüşginleriň monohromatik reňkleri bolsa bary-ýogy 2,9 baha aldy. Bu açyş hakykatdanam onuň täze reňk hökmünde klassifikasiýa edilip bilinjekdigi barada ylmy jemgyýetde gyzgalaňly jedel döretdi.

https://turkmenportal.com/blog/90199/mir-zaigraet-novymi-kraskami-uchenye-otkryli-novyi-cvet-olo

2. Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda görüşi pes myhmanlar üçin ilkinji ýörite kenar açyldy. Bu başlangyç jemgyýetçilik ýerleriniň elýeterliligini üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Täze kenar «Gate 3» etrabyndaky Korniş kenarýakasynda ýerleşýär we 1000 inedördül metr meýdany eýeleýär. Deňiz kenaryna girmek görüş bozuklygy bolanlar we olara ýoldaşlyk edýän bir adam üçin mugt. Infrastruktura taktil ýodalary, Braýl ýazuwy bilen ýolgörkezijileri, suwa düşülýän ýere girmek üçin ýüpli ýoly we sesli duýduryşlary, ýörite ýüzýän kürsüleri, uýgunlaşdyrylan sanitariýa otaglaryny we awtoulag duralgalaryny öz içine alýar. Deňiz kenary her gün irden sagat 6-dan ýary gijä çenli açykdyr, ýöne ýüzmäge diňe gün ýaşýança rugsat berilýär. Bu ýerde hemişe lukman nobatçylyk edýär.

https://turkmenportal.com/blog/90189/v-abudabi-zarabotal-plyazh-dlya-lyudei-s-narusheniyami-zreniya

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Stambulda geçirilýän «A» toparyň üçünji diwizionynda dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Türkmen toparynyň düzüminde Musa Annasaparow, Kerwen Baýlyýew we Döwlet Haýdyrow şaýba geçirdiler. Ylýas Weliýewiň şägirtleri indiki oýnuny 22-nji aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da Türkiýäniň milli ýygyndysyna garşy geçirer, soňra bolsa Lýuksemburg, Gyrgyzystan we Günorta Afrika bilen oýnarlar.

https://turkmenportal.com/blog/90223/hokkeisty-sbornoi-turkmenistana-oderzhali-pobedu-na-chm-v-turcii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň