«Dejavu» restorany gündizki dabaralar üçin ýörite teklibini hödürlemegini dowam etdirýär. Restoran myhmanlary rahat gurşawda we amatly bahalardan hudaýoly hem-de sadakalary geçirmäge çagyrýar.
Restoranda adam başyna 100, 120 we 140 manatlyk üç baha derejesi bolan menýu döredildi. Her görnüş üç sany milli türkmen tagamyny öz içine alýar. Gyzgyn tagamlar açyk oduň üstünde bişirilýär, bu bolsa olara ajaýyp we ýakymly tagam berýär.
Bu teklibiň çäklerinde dabaralar sagat 12:00-dan 16:00-a çenli aralykda geçirilýär. Ýakymly sowgat hökmünde müşderilere DJ-den mugt aýdym-saz göz öňünde tutulandyr.
Habarlaşmak üçin:
- salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
- telefonlar: (+993 71) 12 22 21, (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
- sosial ulgamdaky sahypasy.