Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ecodrink» — içgilere we süýjüliklere baý kofehana

09:4422.04.2025
0
19222

Aşgabadyň «Ecodrink» kofehanasy hoşboý ysly kofäniň, serginlediji kokteýlleriň hem-de ter konditer önümleriniň tagamyna uly ähmiýet berýänler üçin eýýäm iň halanýan ýerleriň birine öwrüldi.

«Ecodrink» bu ýere gelýänlere dürli görnüşli kofe dänelerinden taýýarlanylýan kofe içgileriniň giň görnüşlerini hödürleýär. Kofe dükanynyň baristalary klassiki espresso, ýumşak tagamly latte, howaly kapuçino we başga-da köp sanly kofe görnüşlerini demlemekden hoşal bolarlar. Sowuk hem teşneligiňi gandyryjy içgileri halaýanlar üçin «Ecodrink» günüň islendik wagty şähdiňi açyp, ýüregiňizi sowatjak köp sanly awtorlyk we nusgawy kokteýl içgilerini hödürleýär.

Kofehana işden ýa-da okuwdan öňinçä, ir säher bilen gurbatlanmakda, gyssagly işewürlik duşuşygyny ýolugra bir gurşawda geçirmekde ýa-da dostlaryň bolup çaýlaşmak üçin ýygnanyşmakda ajaýyp ýer bolar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 65) 62 67 67;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň