Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilimli ädim» – Rumyniýada Ýewropa diplomyna barýan ýoluňyz

15:0221.04.2025
0
26275

«Bilimli ädim» kompaniýasy Rumyniýanyň birnäçe öňdebaryjy uniwersitetleri bilen strategiki hyzmatdaşlygy yglan edip, elýeterli bahadan ýokary hilli Ýewropa bilimini almak isleýän Türkmenistandan we GDA ýurtlaryndan talyplar üçin täze gözýetimleri açdy.

Bu hyzmatdaşlyk Ýewropanyň merkezinde – ÝB we Şengen ylalaşygyna agza, diplomlary bütin dünýäde ykrar edilýän ýurtda okamak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Rumyn ýokaru okuw mekdepleri bilimleriň amalyýetde ulanylmagyna we uçurymlaryň işe ýerleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman bilim maksatnamalaryny hödürleýär. Şol bir wagtyň özünde, Rumyniýada bilim almak we ýaşamak üçin çykdajylar Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň köpüsinden has arzandyr. Şeýle hem bu ýurt baý medeniýeti, howpsuzlygy we myhmansöýerligi bilen hem meşhurdyr, onuň uniwersitetleriniň bolsa gadymdan gelýän akademiki däpleri bardyr.

«Bilimli ädim» bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, talyplar isleg bildirilýän ugurlary boýunça bilim alyp bilerler, olaryň arasynda aşakdakylar bar:

IT we emeli aň (Buharest uniwersiteti, Kluž-Napoka tehniki uniwersiteti)

Lukmançylyk we dermanhana (Karol Dawila adyndaky Lukmançylyk we dermanhana uniwersiteti)

Inženerçilik we robototehnika (Timişoara politehniki uniwersiteti)

Halkara işewürlik we ykdysadyýet (Kluž-Napoka şäherindäki Babeş-Boýaýi uniwersiteti)

Binagärlik we dizaýn (Timişoara politehniki uniwersiteti)

«Bilimli ädim» girişiň we uýgunlaşmagyň ähli tapgyrlarynda giňişleýin goldaw berýär, şol sanda maksatnamalar üçin aýratyn kwotalary, şertler ýerine ýetirilen halatynda kepillendirilen girişi, resminamalary taýýarlamaga, wiza almaga, syýahaty guramaga we ýaşaýyş jaý tapmaga kömegi üpjün edýär. Şeýle hem kompaniýa okuw döwründe Ýewropa kompaniýalarynda tejribe mümkinçiliklerini hödürläp, talyplaryň zähmet ýolunda ösmegine kömek edýär.

Bu hyzmatdaşlyk zehinli daşary ýurtly talyplary kabul etmek, ýurtlaryň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we bilelikdäki bilim-gözleg taslamalaryny döretmäge ýardam bermek bilen, rumyn uniwersitetleri üçin hem peýdalydyr.

«Bilimli ädim» arkaly Ýewropa bilimini almak mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumat üçin aşakdaky telefonlara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat ş. (+993 64) 52 94 85
  • Balkanabat ş. (+993 63) 08 07 66
  • Türkmenbaşy ş. (+993 71) 33 53 92
  • Mary ş. (+993 71) 33 53 28
  • Daşoguz ş. (+993 62) 31 05 54
  • Köneürgenç ş. (+993 62) 31 08 63

Habarlaşmak üçin:

«Bilimli ädim» – Ýewropa bilimi dünýäsinde ygtybarly ýol görkeziji!

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň