Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dana bilim merkezi» Lebapda matematika boýunça üçünji bäsleşigini geçirdi

16:2118.04.2025
0
17272

Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Lebap welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi we “Dana bilim merkezi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-8-ni synp okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça III «Dana» bäsleşigi geçirildi.

Hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň müdiri Döwran Nurgeldiýewiň «Turkmenportalyň» habarçysyna gürrüň berşi ýaly, bäsleşige Lebap welaýatynyň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň 150-den gowragy gatnaşyp, özleriniň matematikdan logiki pikirleniş endiklerini, çylşyrymly meseleleri çözmekde dürli ýollary ulanmak başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça birinji orna Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň okuwçysy Arslan Abdyrasulow mynasyp boldy. Heniz 7-nji synpda okaýan zehinli okuwçynyň 71 utuk toplap, öz synpdaşlaryndan we 8-nji synpyň okuwçylaryndan hem öňe saýlanmagy bäsleşigiň esasy artykmaçlygy boldy.

Besleşikde ikinji orna Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Maksat Allaberenow bilen Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji okuwçysy Nazar Döwletow mynasyp boldy. Olar, degişlilikde, 67 we 61 utuk topladylar.

Üçünji orny eýelän okuwçylardan Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary Kerwen Nagymow 60, Gülbahar Derýaýewa 59, Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Esra Rozykulyýewa bolsa 58 utuk toplady. Bäsleşikde Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Söhbet Atamuradow bilen Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ismail Durdyýew höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi we “Dana bilim merkezi” hojalyk jemgyýeti jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýeňijiler şahamçada ýeňillikli şertlerde okamak hukugyna eýe boldular.

Ýeri gelende aýtsak, «Dana bilim merkezi» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasy Gündogar sebitdäki şäherde iň üstünlikli işleýän bilim merkezleriniň biri. Häzir şahamça şäherde ikinokatda hyzmat edýär. Oňa Türkmenabat şäherinden başga-da, goňşy etraplardan hem köp sanly diňleýjiler gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň