Ýaponiýa saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Haýahsi Nobumitsu türkmen döwletiniň Baştutanyny “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurduň bu sergide öz Milli gününi ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegi, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy babatda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsa işinde üstünlikleri arzuw etdi.