Ýokary hilli hojalyk himiýa serişdeleriniň öndürijisi hökmünde meşhurlyk gazanan «Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy türkmen alyjylaryna «Güneş» lagym arassalaýjy serişdesini hödürleýär. Önüm turbalardaky iň çylşyrymly dykynlary bary-ýogy bäş minutda çözmäge ukyplydyr.
Önümiň özboluşly formulasy turbageçirijilere çuňňur aralaşyp, ýag gatlaklaryny, saçlary we beýleki hapalaýjylary netijeli eretmäge mümkinçilik berýär. Netijede, sanlyja minutda erkin suw akymy dikeldilýär.
Kompaniýa yzygiderli ösüş gazanyp, täze önümler bilen sarp edijileri begendirmegini dowam etdirýär. «Güneş» lagym arassalaýjy serişdesinden başga-da, «Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy «Güneş», «Ari» we «Arýa» brendleri astynda hojalyk himiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda kir ýuwujy serişdeleri, tämizleýji serişdeleri we hojalykda gerek bolan beýleki önümleri hödürleýär.
Kompaniýanyň önümleri supermarketlerde, ýerli dükanlarda we onlaýn platformalarda müşderiler üçin elýeterlidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 56-njy jaý;
- telefonlar: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
- web-saýt: turkmenberk-metal.com;
- sosial ulgamdaky sahypasy;
- elektron poçta: tberkmetal@gmail.com.