Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

11:5912.04.2025
0
18981

11-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň «Nest» kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary «Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy» boldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik döreden birnäçe mowzuklaýyn bölümler guraldy.

H.Geldimyradow «Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş» bölüminde eden çykyşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ähliumumy abadançylyga we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Şeýle-de H.Geldimyradow Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýetine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň (ÝÖK) Başlygy Erol Özwaryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ylym we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň bilim edaralarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň