Dollar millionerleriniň terk etmegi sebäpli, London şäheri 2024-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň baý şäherleriniň ilkinji bäşliginden çykdy. Bu barada «Henley & Partners» konsalting kompaniýasynyň saýtyna salgylanýan «Caliber.Az» portaly habar berdi.
Habarda Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň 215700 sany millioner bilen sanawda altynjy orna düşendigi aýdylýar.
Geçen ýylda London 11,3 müň sany dollar millionerini ýitirdi. Soňky 10 ýylda britan paýtagtynda baýlaryň sany 12 göterim azaldy.
Sanawda ilkinji orny Nýu-Ýork eýeledi, ondan soňra San-Fransisko aýlagynyň oblasty, Tokio, Singapur we Los-Anjeles ýerleşdi.