Şu gün «Communications Earth & Environment» atly meşhur ylmy žurnalynyň täze sanynda «Hazar deňziniň derejesiniň çalt peselmegi ekoulgamynyň bitewiligine, biodürlüligiň goragyna we adamlaryň infrastrukturasyna howp salýar» atly ylmy-gözleg işiniň netijeleri çap edildi. Bu ylmy-gözleg işi Lids uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) bilermenleriniň ýolbaşçylygyndaky alymlaryň halkara topary tarapyndan alnyp baryldy.
Makalanyň awtorlary sebitiň biodürlüligi, ilaty we kenar infrastrukturasy üçin ahmal bolan howplaryň kartalaryny düzdüler. Neşirde Türkmenistandan zoogeograf, professor E.A. Rustamow awtordaş bolup gatnaşdy, ol Merkezi Aziýanyň Ramsar sebitleýin başlangyjynyň (RRI-CA) Utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup durýar.
Alymlaryň netijesi teselli beriji däl: Hazar deňzi howanyň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli barha azalýar. Hatda ählumumy maýlamagy 2°C-den pes derejede saklamak başartsa-da, Hazaryň suwunyň derejesi 5-10 metr peselmegi ahmaldyr. Eger howanyň derejesi mundan hem ýokarlanan halatynda, 2100-nji ýyla çenli deňziň suwunyň derejesi 21 metre çenli peseler.
Ine, Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi şeýle howplara getirip biler:
- möhüm ekoulgamlaryň, şol sanda gadymy döwürlerden galan Hazar düwleniniň köpelýän ýerleriniň meýdanlary ep-esli azalar;
- Hazar deňzindäki bar bolan deňziň goralýan çäkleriniň köpüsiniň guramagy sebäpli, olar özleri üçin niýetlenen maksadyny ýitirer;
- ilatly nokatlaryň bir bölegi, portlar we senagat obýektleri kenardan onlarça ýa-da hatda ýüzlerçe kilometr uzakda galyp biler;
- açylan gury deňiz düýbi senagat zyňyndylaryndan we duzdan ybarat bolan tozany çykarar, bu bolsa Aral deňziniň guramagyndaky ýaly, adamlaryň saglygyna ägirt uly howp döredýär.
Şu görnüşde, bu neşir — adamzat üçin nobatdaky özboluşly SOS duýduryşy bolup ýaňlanýar.
Hazar deňzi ýitip barýan hazar düwleniniň we ýene-de bekre balygynyň 6 görnüşiniň, şeýle hem dünýäniň başga hiç bir ýerinde duş gelmeýän ýüzlerçe beýleki balyklaryň we oňurgasyzlaryň öýi bolup durýar. Häzirki wagtda Hazaryň kenarlarynda bäş ýurduň - Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň 15 milliondan gowrak ilaty ýaşaýar.
Deňziň derejesiniň peselmeginiň dowam edýändigini göz öňünde tutup, ylmy-gözleg işlerini alyp barýan alymlar ýitip barýan biodürlüligi we adamyň saglygyny goramak üçin gyssagly çäreleriň zerur bolup durýandygyny nygtaýarlar.
Ylmy-gözleg işlerine ýolbaşçylyk eden Lids uniwersitetiniň Biologiýa mekdebinden doktor Saýmon Gudman bu barada şeýle belleýär:
"Garaşylýan netijeleriň birnäçe onýyllygyň dowamynda ýüze çykjakdygyny nazara almak bilen, biodürlüligi goramagyň ýollary hem usullary, şol bir wagtda adamlaryň bähbitlerini we abadançylygyny üpjün etmek bilen tapylmalydyr. Bu uzak möhletli geljek bolup görünse-de, ägirt uly syýasy, kanunçylyk we logistiki kynçylyklary göz öňünde tutup, üstünlige ýetmek üçin iň gowy mümkinçilikleri üpjün etmek maksady bilen, mümkin boldugyça tizden-tiz hereket etmäge girişmek maksadalaýykdyr."
Alymlar şu aşakdaky möhüm maslahatlary teklip edýärler:
- Biodürlülige gözegçilik etmek, goragy meýilnamalaşdyrmak we durnukly ösüş üçin sebit mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga maýa goýmak.
- Kenar ýakasynda ýaşaýan ilata ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmekde we durnukly infrastrukturany ösdürmekde goldaw bermek.
- Çeýe serhetleri bolan goralýan zolaklary döretmäge mümkinçilik berýän kanunçylygy işläp taýýarlamak.
- Biodürlüligiň goralmagy bilen kenar infrastrukturasynyň uýgunlaşmagynyň arasyndaky gapma-garşylyklardan gaça durmak üçin öňüni alyş meýilnamalaşdyrmany işläp düzmek.
- Çalt üýtgeýän ekoulgamlary gözegçilikde saklamak we zerur ýagdaýlarda seýrek duş gelýän görnüşleri göçürmegi we ekoulgamlary dikeltmegi ornaşdyrmak.
- Ählumumy derejede parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak.
Bilermenler çaklanylýan netijeleri ýumşatmak üçin gyssagly çäreleriň, şol sanda utgaşdyrylan sebit meýilnamalaşdyrmasynyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýratyn nygtaýarlar.
Bu ylmy-gözleg işiniň syny bilen şu salgy boýunça has jikme-jik tanşyp bilersiňiz.