«Türkmen Berk–Metal» türkmen öndürijisi önümleriniň hatarynda daşky gurşawyň howpsuzlygy we matalary ýokary hilli ýuwmak üçin niýetlenen, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän «Emaý» kir ýuwujy serişdelerini hödürleýär.
«Emaý» kir ýuwujy serişdesi sarp edijileriň isleglerini göz öňünde tutup, elde we kir maşynynda ýuwmak üçin niýetlenendir. Önümiň tapawutly tarapy onuň özboluşly aýratynlyklarydyr: serişde optiki agardyjylary, dezodorantlary we ýörite goşundylary özünde jemleýär. Olar matadan diňe bir kiri netijeli aýyrman, eýsem onuň gurluşyna hem hiç hili zeper ýetirmeýär.
Öndürijiniň esasy ýörelgesi — önümiň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagy. Serişdäniň düzüminde fosfatlar ýa-da hlor saklaýjy düzüm bölekleri ýokdur. Önümde ýuwujy serişdeleriň mata siňmegine päsgel berýän polimerler, suwy ýumşadyjylar, sorbentlere garşy serişdeler, agardyjy we ýakymly ys berijiler bar.
«Emaý» kir ýuwujy serişdeleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu salgylar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabatş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
- telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
- web saýty: turkmenberk-metal.com;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy;
- elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.
Şeýle-de okaň: