Aprel aýynyň ahyrynda Aşgabat şäheri standartlaşdyrmak we hil pudagynda möhüm halkara çäräniň geçirilýän ýerine öwrüler. «QACIS 2025» «Türkmenistanda halkara standartlara laýyklykda hiliň üpjün edilmegi» halkara maslahaty sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň şertlerinde halkara standartlary ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Iki günläp dowam etjek bu çäre 29-30-njy aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Maslahatyň esasy maksady — halkara hünärmenleriň, işewürleriň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we sanly geçiş meseleleri boýunça dialog üçin meýdançany döretmekden ybaratdyr.
«QACIS 2025»: Esasy mowzuklar we gatnaşyjylar bilen tanşyň
Maslahat standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we sanly geçiş bilen bagly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň toplumyny öz içine alar. Mowzuklaryň hatarynda şu aşakdakylar bar: eksporty we maýa goýumlary ösdürmekde standartlaryň orny, işewürligi işjeňleşdirmek üçin emeli aň tehnologiýalaryndan we sanly gurallardan peýdalanmak, şeýle hem oba hojalygy, nebit we gaz, gurluşyk, azyk senagaty, saglygy goraýyş, IT pudagy ýaly ugurlarda hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmekde standartlaryň girizilmegi.
Maslahatda şu hili möhüm mowzuklar maslahatlaşylar:
Sanly döwürde standartlaryň wajyp ähmiýete eýedigi we tehnologiýanyň korporatiw standartlaryndaky orny.
Standartlar söwdany höweslendirmek we maýa goýumlaryny çekmek üçin gural hökmünde, şeýle hem elektron eksporty ösdürmek üçin standartlary ornaşdyrmagyň ähmiýeti.
Oba hojalygynda Global G.A.P. standartlaryny ornaşdyrmak we organiki önümleriň sertifikasiýasy.
Nebitgaz we gurluşyk pudaklary üçin ISO talaplary we standartlary, şeýle hem ekologik gurluşyk standartlary.
Azyk we lukmançylyk önümleri üçin halkara standartlar, şol sanda ISO 22000, HACCP, Halal we olaryň Merkezi Aziýanyň önümlerini ilerletmekdäki orny.
IT kompaniýalary we startaplar üçin standartlar, Agile standartlaryny durmuşa geçirmek we işewürlik amallaryny sanlylaşdyrmak.
Maslahatda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB), Bütindünýä erkin ykdysady zolaklar guramasy (World Free Zones Organization), «Better Cotton Initiative», «Bureau Veritas» ýaly we beýleki halkara guramalaryň öňdebaryjy hünärmenleri hem-de wekilleri jemlener. Şeýle hem «Petronas Carigali», «Dragon Oil», «E-traid», «Sidona Green Consulting», «Mirigos Hiring» ýaly halkara kompaniýalaryň, «IFOAM Asia» we «Global G.A.P» ýaly organiki sertifikatlaşdyrmakda ýöriteleşen guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, «QACIS 2025» halkara forumy gatnaşyjylara B2B (business-to-business) we B2G (business-to-government) formatlarynda özbaşdak duşuşyklar arkaly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreder.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi («ITSE 2025») hem geçiriler. Bu bolsa kompaniýalara halkara giňişlikde özüni giňden tanyşdyrmaga we dürli ýurtlardan bolan potensial müşderiler, hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen aragatnaşyk gurmaga, dünýä bazarlaryndaky gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge şert döreder.
1-nji maýda, ýagny «ITSE 2025-iň» iň soňky gününde geçiriljek halkara hünärmenleriň ussatlyk sapaklary maksatnamanyň esasy aýratynlygy bolar. Ussatlyk sapaklary hasaba alnan ähli gatnaşyjylar üçin elýeterli bolar.
Bu çärelere gatnaşmaga isleg bildirýänler şu salgylar boýunça ýüz tutup bilerler:
- telefon belgileri: (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88;
- elektron poçta salgysy: qacis@turkmenexpo.com;
- web saýty: qacis.turkmenexpo.com, itse.turkmenexpo.com.
Şeýle-de okaň: