Nigeriýada öýlenýän ýigidi öz toýunda pul seçendigi üçin türmä saldylar diýip, «Le Figaro» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Kazyýet Abdullah Musa Hüseýnini milli puly goramak boýunça kanuny bozmakda günäli diýen höküm çykardy we alty aý möhlet bilen tussag etdi. Derňew işine görä, erkek kişi öz toýunda myhmanlaryň üstüne pullary seçeläpdir.
Bu soňky aýlarda eýýäm üçünji wakadyr. Nigeriýada şeýle işi eden raýatlar 2007-nji ýyldan bäri hereket edýän gadaganlyga düşýärler. Ýurduň Ykdysady we maliýe jenaýatlary boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, Huseýni öz toýunda hümmedi 1000 naýr (59 ýewro) bolan 100 sany kagyz banknoty seçipdir. Kanodaky federal kazyýet käri suratkeş bolan ýigidiň hereketi boýunça milli puly bilkastlaýyn kemsitmek diýip höküm çykardy.
Tans edýän myhmanlaryň üstüne pul seçelemek köp wagt bäri nigeriýa toýlarynyň we beýleki dabaralaryň aýrylmaz bölegidi. Emma häkimiýetler muny milli pul üçin kemsidiji diýip, gadagan etdiler.