Fransiýanyň paýtagtynda güýçli ýangyn döredi, ol ýerde galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň binasy ýanyp, ýykyldy. Ody söndürmäge ýangyn söndürijileriň 200-e golaýy we 45 sany tehnika gatnaşýar.
Zibili gaýtadan işleýän kärhanada ýangynyň döremegine gazly ballonlaryň birnäçesiniň partlamagy sebäp bolupdyr. Kärhananyň ýangyny söndüriş ulgamy oduň öňüni almak üçin ýeterlik bolmandyr.
Zawoddan işgärleriň 31-si howpsuz ýere çykaryldy. Ýerli häkimiýetler şäheriň üstüne üýşen goýy tüssäniň zäherli däldigini we ilat üçin howp döretmeýändigini, emma muňa garamazdan, penjireleri açmazlygy maslahat berdiler diýip, «MIR 24» habar berdi.