Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça 605 tonna 200 kilogram nah ýüplük öndürildi. Welaýat gazetiniň berýän habaryna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 114,6 göterime deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 20 million 778 müň 949 manatlyk iş amala aşyrylyp, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 155 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgininiň 204,6 göterime ýetirilendigini aňladýar.
Kärhanada häzirki döwürde sarp edijileriň sargytlaryna laýyklykda, esasan, nah ýüplükleriň 34-lik belgili görnüşi öndürilýär diýlip, habarda bellenilýär.