7-nji aprelde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Italiýada öndürilen» atly türkmen-italýan bilelikdäki moda görkezilişiniň dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň saýtynda berilýän habara görä, dabarada çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby, dizaýner Jennet Agaýewanyň döreden ajaýyp egin-eşik toplumynyň görkezilişinde milli öwüşginlere beslenen döwrebap häsiýetli lybaslary uly orun aldy.
Bu moda görkezilişi türkmen we italýan modelýer ussatlarynyň döredijilikli äleminiň döwrebap nusgasy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy diýlip, habarda bellenilýär.