Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen sport we saglyk çäresine gatnaşdylar.
Çäre göreşiň dürli görnüşleri, armwresling, agyr atletika, gira galdyrmak, şeýle hem dürli agyrlykdaky ştangalary ýatyp we itekläp götermek boýunça ýaşlaryň arasynda guralan ýaryşlary öz içine aldy.
Çärä gatnaşyjylar dürli güýç emellerini, tizlikli we çydamly ylgamak ýaly türgenleşikleri ýerine ýetirip, çäräni küşt we şaşka oýnamak arkaly intellektual ýaryşlar bilen tamamladylar diýip, Türkmenistanyň Kiýewdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Talyplar bilen bir hatarda ýaryşlara gatnaşan türkmen diplomatlary Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň ösmegine we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirýändigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, bu ýörelgeler Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň esasyny düzýär.