Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Paýtagt» ýaz we tomus aýlarynda göçme hyzmatlaryny arzanladýar

12:0508.04.2025
0
18256

Türkmenistanda göçme dabaralary we çäreleri guraýan «Paýtagt» kompaniýasy täze durmuş gurýan ýaşlar üçin ýörite teklibi hödürleýändigini habar berýär. Has takygy, kärhananyň hödürleýän «100 manatlyk menýu» ýörite aksiýasy 2025-nji ýylyň aprel, maý we iýun aýlarynda durmuş toýuny tutmagy hem-de sadaka bermegi meýilleşdirýän müşderiler üçin niýetlenendir.

Aksiýa teklibiniň çäklerinde müşderiler her bir myhman üçin aýratyn niýetlenen türkmen milli aşhanasyna esaslanýan ýörite taýýarlanan menýuny, kaşaň «Belent» toý çadyryny gurnamak we ýokary hilli hyzmatlar ýaly köp sanly mümkinçilikleri alýarlar.

Kompaniýanyň wekilleri bu arzanladyşyň meýilleşdirilen býujetden çykmazdan, göçme şertde dabarany ýa-da sadaka çäresini ýatdan çykmajak görnüşde geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini nygtaýarlar. «Paýtagt» möhüm çäreleri guramagy öz müşderileri üçin mümkin boldugyça amatly we elýeterli etmäge çalyşýar.

Bu ýörite teklipden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän islendik adam kompaniýanyň «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatyndaky C280 salgysynda ýerleşýän ofisine ýüz tutup biler.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: 20 17 20, 20 71 20;
  • TikTok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň