Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler

16:0707.04.2025
0
11813
BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» boýunça Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, «Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri» şygary astynda geçiriler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji forumy BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Bu forumyň dowamynda ýaş liderler ählumumy gün tertibini ilerletmegiň täze ýollary barada pikir alşarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň, şeýle hem ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýär. Çäräniň iş dili hökmünde iňlis dili saýlanyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygynyň toruny giňeltmek, täze bilelikdäki başlangyçlary ýola goýmak hem-de Dialogyň institusional taýdan berkidilmegi, şol sanda onuň sebit ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmeginiň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde başy başlanan bu başlangyç sebitleýin howpsuzlyk meseleleri we ýaşlaryň parahatçylyk syýasatyna goşulyşmagy boýunça pikir alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança öwrülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň