Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň diplomatlary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýörişe gatnaşdylar

13:3407.04.2025
0
16218

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň diplomatlarynyň topary hem ir säher bilen geçirilen sport çäresine goşuldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habarynda nygtalýar.

Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň Telegram sosial ulgamynda goýan habaryna görä, welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow badalga berip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşypdyr.

Welosiped ýörişiniň ugry Arçabil şaýolundaky Saglyk ýodasyndan badalga alyp, soňra Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygyndaky aýlawly halkadan demirgazyga, Bitarap Türkmenistan şaýolynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüne çenli boldy.

Bellemeli ýeri, ozal Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň