Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilowy Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady. Şeýle-de ýokary jogapkärçiligi talap edýän Parlamentara Bileleşigiň mejlisiniň we onuň çäklerindäki forumlaryň, gepleşikleri geçirmegiň parlament agzalarynyň işini kämilleşdirmäge we gün tertibinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary birleşdirmäge oňyn täsir edýändigini belledi diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Özbegistan Respublikasynyň bu teklipleri goldandyklary we awtordaş bolup çykyş edendikleri üçin türkmen tarapy hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de Özbegistanyň Parlament wekiliýeti 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.
D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde we tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygyny bellediler.