Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany Parlamentara Bileleşigiň nobatdaky mejlisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürlendigi barada bellenilip, daşary ýurtlaryň, iri halkara guramalaryň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen senitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky gyzyklanmalaryň artýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar dürli derejede geçirilýän duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegi goldadylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler.