Şu gün Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berýändigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.