Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

19:2306.04.2025
0
20350

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite we Halkara Samarkant klimat sammitine gatnaşdy, Türkmenistan we ÝUNISEF «Ýaşyl mekdep» atly innowasion maksatnamany işe girizýär, «Türkmenistan Spor» teleýaýlymynda futbol oýunlary görkeziler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň dowamynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89638/glava-turkmenistana-vysoko-ocenil-potencial-sotrudnichestva-mezhdu-centralnoi-aziei-i-es

2. Döwlet Baştutany öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň sebitdäki umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyplydygyny belledi.

https://turkmenportal.com/blog/89634/turkmenistan-vystupaet-za-mirnoe-razvitie-regiona-bez-geopoliticheskih-konfliktov

3. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýewropa Bileleşiginden maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady we Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrdy. «Häzirki wagtda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek üçin onuň netijelilige we hakyky mümkinçilige laýyk gelmegi zerur diýip hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutany belledi.

https://turkmenportal.com/blog/89647/serdar-berdymuhamedov-priglasil-v-turkmenistan-investorov-iz-evrosoyuza

4. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ilkinji halkara klimat forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany öz çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermeginiň Merkezi Aziýada suw meselesinde bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip biljekdigini belledi. «Suw syýasaty meselesinde Türkmenistanyň garaýşy mälimdir. Bu meseleleri çözmekde üç esasy ýörelgeden ugur almaly: olar halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89661/prezident-turkmenistana-es-mozhet-pomoch-reshit-problemy-s-vodoi-v-centralnoi-azii

5. Türkmenistanda dalaşgärleri çekmek çäreler başlanýar. Aprel aýynyň ortalaryndan başlap, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» günleri geçiriler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ilkinjileriň hatarynda «Açyk gapylar» günleriniň geçirilýändigini yglan etdi. Dalaşgärler bilen duşuşyk 15-nji we 16-njy aprelde sagat 15:00-da geçiriler. 14-nji we 19-njy aprelde sagat 14:00-dan 19:00-a çenli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Açyk gapylar» günlerini geçirer. Geljekki dalaşgärler fakultetleriň we kafedralaryň wekilleri bilen duşuşyp, kabul ediş meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat alyp bilerler.

https://turkmenportal.com/blog/89640/v-vuzah-turkmenistana-startuet-kampaniya-po-privlecheniyu-abiturientov

6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF bilelikde «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu başlangyç maksatnama gatnaşýan mekdepleri durnukly, energiýa tygşytlaýjy bilim edarasyna öwürmegi maksat edinýär. Bu innowasion maksatnamasy Merkezi Aziýada ilkinji şeýle taslama bolup, okuwçylara we mugallymlara döredijilikli çemeleşme, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş arkaly howanyň meselelerini çözmäge mümkinçilik döreder.

https://turkmenportal.com/blog/89649/turkmenistan-i-yunisef-zapuskayut-innovacionnuyu-programmu-zelenaya-shkola

Dünýäde

1. Italiýanyň kiçi Pýewe-di-Soligo şäheri döwlet işgärleri üçin täze çäklendirmeler girizdi. Häkim işgärleriň öndürijiliksiz arakesmesini azaltmak maksady bilen, şäher häkimliginiň binasyndan we kitaphanadan ähli kofe enjamlaryny aýyrmagy buýurdy. Şäher häkimi Stefano Soldanyň bellemegine görä, işgärleriň kofe arakesmesine sarp edýän örän köp wagty şäher häkimligine gelýän raýatlar üçin kynçylyk döredýärdi, işgärler espressonyň başynda söhbet edýärkäler olar uzak garaşmaly bolýarlar.

https://turkmenportal.com/blog/89652/italyanskii-mer-zapretil-kofeinye-apparaty-dlya-povysheniya-produktivnosti-gossluzhashchih

2. Pensilwaniýa ştatynyň Montgomeri okrugynyň häkimiýeti kadadan ýokary tizlik meselesine adaty bolmadyk çözgüt tapdy. Häzirki wagtda okrugdaky ýollaryň birinde egrem-bugram ýoluň optiki illuziýasyny döredýän ýörite tolkun şekilli bellikler bar. Adaty bolmadyk ýol belligi dizaýny ýaşaýjylaryň köp sanly arzalaryna jogap hökmünde girizildi. Bellenilmegine görä, sürüjiler Greýs-Leýn köçesini iki esasy şaýoluň arasynda gysga ýol hökmünde yzygiderli ulanýarlar we köplenç tizlik çäginden geçýärler. Teklip edilen çözgüt ýoluň tiz sürmek üçin özüne çekijiligini peseltmekdi.

https://turkmenportal.com/blog/89625/ssha-boryutsya-s-lihachami-s-pomoshchyu-izognutoi-razmetki

Sport täzelikleri

1. «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy türkmen janköýerlerine öňdebaryjy ýewropa futbol çempionatlarynyň göni ýaýlymlaryny hödürler. Futbol gününiň çäklerinde tomaşaçylar Angliýanyň Premýer-ligasynyň: «Ewerton» – «Arsenal», «Aston Willa» – «Nottingem» duşuşyklaryny, Ispaniýanyň La Ligasynda Madridiň «Realy» bilen «Walensiýanyň» arasyndaky oýna we «Milan» bilen «Fiorentinanyň» arasynda Italiýanyň Seriýa «A» duşuşygyna tomaşa edip bilerler.

https://turkmenportal.com/blog/89666/telekanal-turkmenistan-sport-pokazhet-translyacii-matchei-evropeiskih-chempionatov

2. Türkmen türgeni Ýelena Grigorýans Gaaga şäherinde geçirilýän «Global United BODYCOMBAT Event» atly abraýly halkara çäresinde bassyr ikinji ýyl Türkmenistana wekilçilik edip çykyş eder. Giň gerimli haýyr-sahawat çäresi dünýäniň dürli künjeklerinden 1500-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemleýär. Bu çärede 45 ýurtdan 100-den gowrak halkara tälimçilerini birleşdirip, rak keseline garşy göreşde serişdeleri toplamaga gönükdirilen giň gerimli türgenleşik okuwy geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/89664/elena-grigoryanc-snova-predstavit-turkmenistan-na-mezhdunarodnom-blagotvoritelnom-festivale-bodycombat-v-gaage

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň