Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň kinoteatr zalynda türkmen kinosynyň günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Kino günleri Türkmenistanyň ilçihanasynyň tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmleri görkezildi.
Dabarada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň Baş direktory Wirjil-Stefan Nitulesku giriş sözi bilen çykyş etdiler.