Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermegi Merkezi Aziýada suw meselesinde bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip biler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda, “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumda eden çykyşynda aýtdy.
"Möhüm meseleler barada aýdanymyzda, suw meselesini aýratyn belläp geçmek isleýärin. Bu mesele biziň sebitimiz üçin derwaýys ähmiýete eýedir hem-de bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermegi bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip bilerdi. Suw syýasaty meselesinde Türkmenistanyň garaýşy mälimdir. Bu meseleleri çözmekde üç esasy ýörelgeden ugur almaly: olar halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr. Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyja seretmegi teklip etdi" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda nygtady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, sebitde ekologik, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biri-de Araly halas etmekdir.
"Türkmenistan bu meseläniň halkara derejede has anyk we maksada gönükdirilip ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam bermek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna bil baglaýar. Bu resminamalaryň doly durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde tutanýerli işlemegi teklip edýäris" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Samarkantda anna güni “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Onuň çäklerinde “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumyň hem açylyş dabarasy boldy. Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary we beýlekiler bar.