Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» bi­rin­ji sam­mi­tin­dä­ki çykyşy

10:3405.04.2025
0
19674

Hor­mat­ly Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti!

Hor­mat­ly Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry!

Hor­mat­ly Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry!

Ha­nym­lar we je­nap­lar!

Il­ki bi­len, si­ziň äh­li­ňi­ze mä­hir­li sa­lam bi­len ýüz­len­ýä­rin hem-de açyk gö­wün­li­li­gi, myh­man­sö­ýer­li­gi we iş­le­mä­ge dö­re­den şert­le­ri üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mi­ro­mo­no­wiç Mir­zi­ýo­ýe­we min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

Şu gün­ki du­şu­şy­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şeý­le du­şu­şyk­da il­kin­ji ge­zek gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýär. Mu­nuň özi öz­bo­luş­ly wa­ka­dyr. Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, bu gat­na­şy­jy­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň, ýa­kyn­laş­ma­ga we gat­na­şyk­la­ryň berk usul­la­ry­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na dü­şün­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­lar gat­na­şyk­la­ry­my­zy pug­ta­lan­dyr­mak­da, öza­ra dü­şü­niş­me­gi hem-de anyk yla­la­şyk­la­ry ga­zan­mak­da mö­hüm tap­gyr bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­rys.

Hor­mat­ly sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar!

Türk­me­nis­tan bi­le­lik­dä­ki işiň örän mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ara­syn­da se­bit pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny hem-de dur­nuk­ly­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga we sak­la­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Biz hä­zir­ki şert­ler­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik hyz­mat­daş­lyk se­bit­dä­ki we goň­şy ýurt­lar­da­ky umu­my ýag­daý­la­ra ne­ti­je­li tä­sir et­mä­ge ukyp­ly di­ýip pi­kir ed­ýä­ris. Bu ugur­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ta­gal­la­la­ry­na ýar­dam ber­me­li di­ýip ha­sap­la­ýa­rys.

Ga­ra­ýyş­la­ryň umu­my­ly­gyn­dan ugur alyp, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny pa­ra­hat­, yk­dy­sa­dy taý­dan özü­ne çe­ki­ji, geo­sy­ýa­sy da­wa­la­ra we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ra go­şul­ma­ýan dur­nuk­ly se­bit hök­mün­de gör­ýä­ris. Türk­me­nis­tan öz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na we hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin iş alyp ba­r­ma­ga taý­ýar­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 21-nji mart­da 67 döw­le­tiň aw­tor­daş­ly­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul eden­di­gi­ne si­ziň ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, bu res­mi­na­ma­ny gol­dan­dy­gy­ňyz üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

Şeý­le-de Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy düz­gün­leş­dir­mek se­bit­de we bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek üçin örän mö­hüm­dir.

Hor­mat­ly sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar!

Biz Mer­ke­zi Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy­ýet­de we ma­ýa go­ýum­lar­da, ener­ge­ti­ka, ulag, söw­da pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bu­la­ry ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar ha­sap­la­ýa­rys.

Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len ne­ti­je­li ener­go­dia­lo­gy tä­ze de­re­je­de ýo­la goý­ma­ga ça­lyş­ýar we bu ba­bat­da iş ýü­zün­dä­ki ädim­le­ri ät­mä­ge taý­ýar­dyr. Ýur­du­myz «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. My­sal üçin, Türk­me­nis­tan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýar we ony Ýew­ro­pa iber­mä­ge taý­ýar. Elekt­rik ul­gam­lar çäk­le­rin­den geç­ýän döw­let­le­riň bir­le­şen ta­gal­la­sy bo­lan­da, bu tas­la­ma­nyň ýa­kyn wagt­da öza­ra bäh­bit­lilik esasyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Ýel we Gün ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak­da hem biz ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iş­le­mä­ge taý­ýar­dy­rys. Mun­dan baş­ga-da, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­mek üçin hem açyk­dy­rys.

Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­dak­la­r-da stra­te­gik ugur­lar­dyr. Gün­do­gar — Gün­ba­tar hem-de Gün­ba­tar — Gün­do­gar ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek mu­nuň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Bu me­se­le­de Ha­za­rüs­ti ug­ra uly orun ber­ýä­ris. Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň kuw­wa­ty­ny, şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky ýol ul­gam­la­ry­ny şu tas­la­ma üçin ulan­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy aýt­mak is­le­ýä­rin.

Kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da-da Ha­zar deň­zi­niň düý­bün­den ka­bel­le­ri ge­çir­mek ze­rur­ly­gyn­dan we müm­kin­çi­li­gin­den ugur al­ýa­rys. Umu­man, Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zin­de su­was­ty üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­ny ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär hem-de bäh­bit­le­ri we peý­da­ny deň­hu­kuk­ly ha­sa­ba al­mak esa­syn­da Ýew­ra­zi­ýa se­bi­tin­de ener­ge­ti­ka, yk­dy­sa­dy, ulag dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti di­ýip ha­sap­la­ýar.

Umu­man al­nan­da, se­bit­de üp­jün­çi­lik tas­la­ma­lar top­lu­my­na Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ma­ýa go­ýum taý­dan tä­sir­li gat­naş­ma­gy­nyň örän wag­tyn­da ädi­len ädim bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Biz Ýew­ro­pa bi­len söw­da­ny has-da gi­ňelt­mek üçin hem açyk­dy­rys, ma­ýa­dar­la­ra do­ly amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­rys. Şo­ňa gö­rä-de, Ýew­ro­pa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny türk­men ba­za­ryn­da iş­le­mä­ge ça­gyr­ýa­rys. Mu­nuň üçin Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ha­ryt­la­ry ibe­ri­ji­le­ri we aly­jy­la­ry gol­da­ma­gyň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­ris.

Hor­mat­ly sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar!

Türk­me­nis­tan me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge hem yg­rar­ly­dyr. Biz Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň köp ýyl­lar­dan bä­ri se­bi­ti­miz­de dur­mu­şa ge­çir­ýän bi­lim tas­la­ma­la­ry­nyň we mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ni min­net­dar­lyk bi­len bel­le­ýä­ris. Şo­la­ryň ara­syn­da “TACIS-TEM­PUS”, “ERAS­MUS-MUN­DUS”, “DA­RYA” ýa­ly giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar bar. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan­da “ERAS­MUS-MUN­DUS” we “ERAS­MUS+” mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ma­gistr mak­sat­na­ma­la­ry, bi­lim ul­ga­myn­da san­ly­laş­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şi we aka­de­mi­ki yk­jam­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça 40-dan gow­rak tas­la­ma ama­la aşy­ryl­dy. Bu işi ös­dür­mek­de, hyz­mat­daş­ly­gyň ta­lap­la­ry­na we is­leg­le­ri­ne jo­gap ber­mek bi­len, hü­när­ment bi­li­mi ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­rin. Biz mu­ny ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän ýo­ka­ry hü­när­li teh­ni­ki iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da örän mö­hüm di­ýip ha­sap­la­ýa­rys.

Şeý­le hem ta­ryh, ar­heo­lo­gi­ýa, et­nog­ra­fi­ýa, me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­syň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki yl­my-bar­lag tas­la­ma­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­gi tek­lip ed­ýä­ris. Sy­ýa­hat­çy­lyk alyş­ma­la­ry­nyň, eko­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň bel­li bir mak­sat­ly bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gyň gel­je­gi­niň hem ulu­dy­gy­ny gör­ýä­ris.

Sö­zü­miň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» gör­nü­şin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek is­le­ýä­rin. Bi­ziň ýur­du­myz bu oňyn hem-de äh­mi­ýet­li işe sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga taý­ýar­dyr.

(Sa­mar­kant şä­he­ri, 2025-nji ýy­lyň 4-nji ap­re­li)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň