Aşgabatda 1-3-nji aprelde fitosanitar we weterinariýa (FWS) import gözegçiligini amala aşyrmak üçin standart iş amallaryny işläp düzmek boýunça tehniki ýardam etmek boýunça okuw geçirildi. Çärä Türkmenistanda import gözegçiligini amala aşyrmak boýunça çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga jogapkär bolan fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam etmek maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guramaçylykly geçirilen okuw alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmaga we fitosanitar we weterinariýa gözegçiliginde täze usullary we gurallary ornaşdyrmaga gönükdirildi, bu harytlaryň we ýükleriň serhetlerden kanuna laýyklykda geçirilmegi üçin esasy düzüm bölegi bolup durýar.
Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri milli hünärmenler bilen bilelikde umumy standart iş amallaryny işläp taýýarlamagyň üstünde işlediler, bu iş amallary geljekde harytlary barlagdan geçirmekde gözegçilik işgärleri tarapyndan iş tejribesinde ulanylar.
Okuw serhetlerden kanuny söwda akymlaryna ýardam bermek boýunça 3-nji maksatnama düzüm böleginiň çäklerinde geçirildi – diýlip, Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam etmek maksatnamasynyň (BOMKA 10) saýtynda habar berilýär.