Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Pürli Saryýewiň döreden «Lälezar bolar», «Şatlyk», «Türkmenistanym» sazlary hem-de «Nar agajy», «Balsaýat», «Kerem geldi» ýaly halk sazlary ýerine ýetirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň sungat ýoly şägirtleri tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Halypanyň ýerine ýetiren, watançylyga, gahrymançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige ýugrulan sazlarynyň ähmiýeti barha artýar.
Dabarany Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.