Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum guraldy

17:3004.04.2025
0
19494
Tokioda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum guraldy
Surat: Türkmenistanyň Daşary İşler Ministrligi

Şu gün Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynyň Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan medeni forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Ilçi Ýaponiýanyň Hökümetine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy we goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen hem tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň