Çärjew etrabynyň merkezi kitaphanaçylary tarapyndan etrabyň ýaşaýjylarynyň öýlerine baryp hem hyzmat edilýär. Bu barada kitaphananyň bölüm müdiri Gülnara Joraýewa «Turkmenportalyň» habarçysyna gürrüň berdi.
40 müňden gowrak kitap gory bolan kitaphanada okyjylaryň müňlerçesi bellige alnandyr. Olaryň arasynda mundan birnäçe ýyl ozal okyjylaryň hataryna girip, häzirki wagtda saglyk ýagdaýy ýa-da ýaşy sebäpli kitaphana yzygiderli gelip bilmeýän okyjylar hem bar. Şeýle okyjylar üçin kitaphanaçylar olaryň öýlerine baryp hyzmat edýär.
Kitaphanaçy Dursunjemal Seýidowa ýakynda şeýle hyzmatlaryň etrabyň N.Gutlyýew adyndaky geňeşliginde alnyp barlandygyny aýdýar. Bu ýerde kitaphanaçylar pensioner, saglyk ýagdaýy we mümkinçilikleri çäkli okyjylaryň öýlerine baryp, olara gyzyklanýan çeper eserlerini gowşurdylar. Kitaphanaçylaryň aýtmagyna görä, okyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň galamyndan çykan eserlere aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Kitaphanaçylar, gerek bolsa, göçme sesli okaýyşlary hem guraýarlar.