Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wenada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

14:5604.04.2025
0
17016

2-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy we Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Duşuşyga myhman hökmünde BMG-niň Wenadaky ilçileri, hemişelik wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem häzirki wagtda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň, Awstriýanyň we beýleki ýurtlaryň talyp ýaşlary çagyryldy.

Çykyş edenler kitapda görkezilen Magtymgulynyň ynsanperwerlik babatdaky pikirleriniň Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň esasynda bardygyny, şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky kararnamasyny hem agzap boljakdygyny bellediler.

Dabara gatnaşan myhmanlar ýörite diwarlykda goýlan kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerindäki nusgalary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular – diýip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň