Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy

14:1104.04.2025
0
22708
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy
Surat: akorda.gov.kz

«Merkezi Aziýa—Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda bolýan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün ol ýerde geçirilýän «Merkezi Aziýa ählumumy klimat meseleleri bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine jebisleşmek» atly birinji halkara foruma gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar.

«Silk Road Samarkant» toplumynyň Kongress merkezinde guralan iki günlük forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Iri klimat forumyna Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň esasy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, şeýle hem halkara guramalaryň we belli maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň