Seýdiniň pagta egriji fabriginde häzirki wagtda, esasan-da, ýokary hilli nah ýüplükleriň 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.
Welaýat gazetinde berilýän habara görä, fabrikde öndürilýän ýokary hilli nah ýüplüklere dünýä ýurtlarynyň köpüsinde uly isleg bildirilýär. Taýýar önümler Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen Belarus, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, Gyrgyzystan ýaly döwletlere ugradylýar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty her ýylda 6 müň tonna barabardyr.
2024-nji ýylda ýokary hilli nah ýüplükleriň 2 müň 267 tonnasy, pul hasabynda bolsa 65 million 923 müň 742 manatlygy öndürildi. Taýýar önümleriň 1 müň 719 tonnasy, ýagny, 46 million 18 müň 546 manatlygy ýerlenildi. Şonuň 152 tonnasy eksport edildi.
Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri ýokary hilli nah ýüplükleriň 338 tonnasy, pul hasabynda bolsa 11 million 881 müň 400 manatlygy öndürildi. Ýylyň başyndan bäri taýýar önümleriň 110 tonnasy ýurduň içerki bazarlaryna ugradyldy diýlip, habarda bellenilýär.