Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň binasynda Sloweniýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnik bilen duşuşyk geçirildi.
3-nji aprelde geçirilen duşuşykda iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda geljekki döwür üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran möhüm meseleleri çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçiriljek ikitaraplaýyn geňeşmeler, şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynam ýyly» diýip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara aýratyn ähmiýet berildi.
Bu başlangyjyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň örän möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Şol mynasybetli ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda birnäçe uly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň iň möhüm wakasy hökmünde 2025-nji ýylyň dekabr aýynda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara maslahat barada bellenildi. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirts Musar hem çagyryldy.