ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurda daşyndan getirilýän ähli harytlara gümrük pajynyň girizilýändigini yglan etdi. Ol bu barada 2-nji aprelde Ak tamda metbugat maslahatynda habar berdi. Paçlaryň bazalaýyn möçberi 10 göterime deň, emma käbir ýurtlar üçin ol has ýokary diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Prezident Tramp bu barada iki sütünden ybarat tablisany görkezdi, onda häzirki wagtda dürli ýurtlarda amerikan harytlaryna nähili gümrük paçlarynyň hereket edýändigi, şeýle-de Waşington olara jogap hökmünde nähili paçlary girizýändigi görkezilýär.
Täze paçlar şeýle hasaplanypdyr, ýagny olar beýleki ýurtlaryň ABŞ-dan satyn alynýan harytlara gatnaşykda kesgitlän paçlaryndan iki esse azdyr.
Hytaýdan harytlara paçlar 34 göterim, Ýewropa Bileleşiginden 20 göterim, Şweýsariýadan 31 göterim, Beýik Britaniýadan harytlara 10 göterim we Ysraýyldan 17 göterime deň. Iň köp paçlar Wýetnamdan (46 göterim), Kambojadan (49göterim), Laosdan (48 göterim) harytlara girizildi. Russiýa sanawda ýok.
ABŞ-da 5-nji aprelden 10 göterim derejedäki iň pes bazalaýyn gümrük paçlar güýje girýär. 9-njy aprelden galan paçlar hereket edip başlar. 3-nji aprelden awtoulaglaryň importyna 25 göterim gümrük paçlary hereket edip başlaýar, 3-nji maýdan gijä galman ABŞ-da öndürilmedik, ýagny ýurda daşyndan getirilýän awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryna paçlar güýje girýär diýlip, habarda aýdylýar.