Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçüleri baýrak gaznasy 20 müň dollarlyk ýaryşa gatnaşýarlar

09:0504.04.2025
0
11385
Türkmen küştçüleri baýrak gaznasy 20 müň dollarlyk ýaryşa gatnaşýarlar
Surat: Uza.uz

Türkmen küştçüleri Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän FIDE-niň 34-nji sebitleýin Aziýa çempionatyna gatnaşýar.

2-nji aprelde badalga alan ýaryş Almaty şäherindäki «Atakent» binasynda geçirilýär. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Owganystandan jemi 131 türgen gatnaşýar. Şolaryň 87-si erkek, 44-si zenan küştçülerdir.

Şu gün umumy baýrak gaznasy 20 müň amerikan dollaryna barabar bolan ýaryşyň 2-nji aýlawynyň oýunlary geçirildi. 10 aýlawdan ybarat turnir 10-njy aprele çenli dowam eder.

Ýeri gelende bellesek, bu ýaryş Dünýä kubogynyň saýlama tapgyry hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň