Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 12-13-nji martynda 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn nesilleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar, şeýle-de 2023-2024-nji okuw ýylynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanan 811 okuwçy gatnaşdy.
Ders bäsleşiklerine gatnaşan okuwçylary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat eminler toparlary adalatly bahalandyrdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça jemi 11 sany ders boýunça 34 okuwçy I orna, 68 okuwçy II orna, 134 okuwçy III orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, şu gün Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylary, şeýle hem robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy ýokary derejede geçirildi.
Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda bu ýyl ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn görnüşinde däl-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirildi. Ýokary we okuw mekdeplerinde ders bäsleşikleriniň geçirilmegi oňyn netije berdi diýlip, habarda bellenilýär.