Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew ş.) Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Daşary syýasat we ýewrointegrasiýa boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Ina Koşeru bilen duşuşdy.
2-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň edara binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy, parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňliginiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçi T.Ataýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň düzümi hem-de olaryň alyp barýan işleri boýunça moldowa tarapyna gysgaça maglumat berdi.
I.Koşeru iki ýurduň arasyndaky parlamentara we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine gyzyklanma bildirdi.
Öz gezeginde türkmen diplomaty Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara göçme forumyna moldowa tarapynyň gatnaşmagyna oňyn baha berdi.
Komitetiň ýolbaşçysy 2023-nji ýyldan bäri Moldowa Respublikasynyň Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, ilçi T.Ataýew Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» 20-nji ministrler duşuşygynyň netijeleri barada maglumat berdi. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara foruma aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, moldowa tarapyna hem bu foruma gatnaşmak baradaky çakylyk ýollanyldy.