Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi

20:0003.04.2025
0
18135
Aşgabatda daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, Türkiýe Respublikasynyň, Liwiýa Döwletiniň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň lukmançylyk we bilim edaralarynyň wekilleri, redaktorlar, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilen çaganyň ejesi çykyş etdiler.

Hindistan Respublikasynyň ilçisi öz çykyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi barada bellenilip geçildi. Çagalaryň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Hindistanyň maksatnamalary barada aýdyp, diplomat Hindistanyň we Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatynyň meňzeşligi barada belledi.

Maslahatda çykyş eden diplomatlar, lukmanlar, mugallymlar çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar, şeýle-de Gaznanyň 4 ýylyň içinde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berdiler.

Çagalara goldaw bermek, olary durmuş taýdan goramak we olaryň jemgyýetde uýgunlaşmagy boýunça geljekki bilelikdäki işler babatda pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar 29-njy martda Arkadag şäherinde Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi barada belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň