Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy raýatlara wagtlaýyn çäklendirmeler barada habar berdi

22:1503.04.2025
0
16325

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň 4 — 7-nji apreli aralygynda Seul şäherinde giriziljek wagtlaýyn çäklendirmeler barada bu ýerdäki türkmenistanlylara habar berýär. Şäher häkimliginiň maglumatyna görä, şäheriň käbir ýerlerinde, hususan-da, Çonno-gu we Çun-gu ýaly etraplarda ähli ulag serişdeleriniň hereketine çäklendirmeler giriziler.

Mundan başga-da, şol sebitlerde, şeýle-de Seuluň merkezinde döwlet edaralarynyň, muzeýleriň, mekdepleriň we metro bekedleriniň işiniň wagtlaýyn togtadyljakdygy bellenilýär. Anna gününden ýekşenbe gününe jemgyýetçilik ulaglarynyň ugurlarynyň hem üýtgemegine garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ilçihana Koreýa Respublikasynda wagtlaýyn bolýan türkmen raýatlaryna adamlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmagy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň