Mundan tas ýüz ýyl öň ýiten sagat dili kanuny eýesine – Kembrij uniwersitetine gaýtarylyp berildi. Ony ogurlan adamyň gyzy uniwersitete getirdi diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Sagat dilini 1930-njy ýyllarda uniwersitetiň Gonwill-end-Kiz kollejiniň talyby Jeffri Hanter Beýker ogurlapdyr. Ol dosty bilen gije sagadyň dilini usullylyk bilen goparyp, ýerine kartondan ýasalan dili oturdypdyr. Uniwersitetiň ýolbaşçylary ogurlygy bilipdirler, emma bu gödek degişmäniň günäkärleri welin, tas 90 ýyllap gizlin galypdyr. Ogrularyň biriniň kimdigi onuň gyzy Triksi Beýker sagadyň dilini kakasy aradan çykandan soňra uniwersitete alyp gelenden soňra belli bolupdyr. Indi sagat dili Kembrijiň arhiwinde ýerleşdiriler, ol ýerde talyplaryň beýleki degişmelerine şaýatlyk edýän tapyndylar hem bar.
Jeffri Beýker Kembrij uniwersitetinde 1934-37-nji ýyllarda häzirki zaman dilleri ugrundan okapdyr. Emma onuň bu hokgasy iň uzak wagt dowam eden uniwersitet rowaýatlarynyň biri hökmünde ýatlanar diýlip, habarda bellenýär.