Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Bu barada TDH ýazýar.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu ugurda energetika, ulag we sanly ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar.