Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Moldowanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti bilen duşuşdy

16:2503.04.2025
0
16215
Türkmen diplomaty Moldowanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Surat: ukraine.tmembassy.gov.tm

2-nji aprelde Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky ilçisi Toýly Ataýew (oturýan ýeri Kiýew ş.) Moldowanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we edaranyň wise-prezidenti Mihail Bylba bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň ilçisiniň Kişinýew şäherine iş saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň Kiýewdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ýurda amala aşyrylýan türkmen eksportynyň esasy harytlarynyň hatarynda mineral ýangyç, ýaglar, gaýtadan işlenen önümler, dökünler, plastik önümler we dokma önümleri bar. Moldowadan Türkmenistana bolsa, esasan, farmasewtika, azyk, himiýa hem-de neşir önümleri eksport edilýär.

Moldowanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, söwda dolanyşygyny ösdürmek üçin ýol hem-de logistika babatda oňyn şertleriň döredilmegi barada pikir alşyldy. Bu babatda Türkmenistanyň ilçisi ýurduň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegine we diwersifikasiýasyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň logistik mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, Türkmenistan sebit we halkara derejesinde möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Mundan başga-da, Türkmenistan halkara bazarlara bäsdeşlige ukyply önümlerini eksport edip, möhüm ulag akymlaryny üpjün edýän taslamalara gatnaşýar. Ilçi Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginiň Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň söwda gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirmegine garaşylýandygyny belledi. Bu taslamanyň agzalary hökmünde Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa çykyş edýärler.

Şeýle hem, ilçi T.Ataýew moldowa tarapyny Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek möhüm ýöriteleşdirilen çärelere, hususan-da, 25-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyga Moldowanyň «Mezhtrans Moldova» ekologiýa taýdan arassa ösümlik gorag serişdelerini öndürýän kompaniýasynyň direktory Mihail Mokanu hem gatnaşdy. Ol türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirip, maýa goýum forumlaryna gatnaşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň