Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Senatynda demokrat 25 sagatlap arakesmesiz çykyş etdi

15:4403.04.2025
0
15949
ABŞ-nyň Senatynda demokrat 25 sagatlap arakesmesiz çykyş etdi
Surat: abc News

Nýu-Jersi ştatyndan bolan senator-demokrat Kori Buker taryhdaky senatda iň uzak dowam eden çykyş rekordyny goýdy – ol 25 sagat dowam etdi, şu wagtyň dowamynda demokrat ýeke gezegem dyz epmän gürledi. Syýasatçy özüni hassa ýaly duýandygyny we surnugandygyny, emma çykyşyny tamamlandan soňra şatlyk duýgusy bilen münberi terk edendigini gürrüň berdi. Bu barada «ABC News» teleýaýlymyna salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.

Buker şeýle-de, habarçylara çykyşa berk berhiz tutmak bilen taýýarlanandygyny, ýagny anna gününden bäri hiç zat iýmändigini, çykyş eden güni bolsa asla suw içmändigini aýtdy. Ol çykyşynyň ahyrlamaga golaýlanda, el-aýagynyň damarynyň çekip başlandygyny boýun aldy.

Demokratyň çykyşy duşenbe güni agşam başlandy we 25 sagat 4 minut dowam etdi. Ol şeýlelikde, 67 ýyl mundan öň Günorta Karolinadan bolan senator Strom Termond tarapyndan goýlan rekorddan 50 minut köp sözledi.

Buker öz uzak çykyşynda Prezident Donald Trampyň durmuş goraglylygy ulgamynda köpsanly işgär kemeldilmegi barada ilkinji permanlarynyň hem-de Grenlandiýany we Kanadany Birleşen Ştatlaryň düzümine birikdirmek barada maksatnamalarynyň getirjek netijeleri barada gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň