Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC) şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň (TEIF 2025) platina hemaýatkäri bolup çykyş eder.
TEIF 2025 forumy dünýä liderleriniň, maýadarlaryň we energetika pudagynyň wekilleriniň arasynda strategiki gepleşikleri geçirmek üçin öňdebaryjy platformadyr. Forum Türkmenistanyň energetika pudagyndaky maliýeleşdirme mümkinçiliklerini, tehnologik innowasiýalary we esasy maýa goýumlarynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriljekdir.
CNPC korporasiýasy 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda işläp gelýär we nebit-gaz känleriniň özleşdirilmegi, nebit çykaryş işlerine hyzmat etmek we tebigy gazyň söwdasy bilen meşgullanýar. Şol döwürden bäri Hytaý bilen Türkmenistan tebigy gaz pudagynda iň uly söwda hyzmatdaşlaryna öwrüldiler.
Kompaniýa elmydama ekologiýa taýdan jogapkärçilik ýörelgelerine eýerýär we 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gaz zyňyndylarynyň «takmynan nol derejä» deň bolmagyna ymtylmak bilen, «arassa alternatiwalar, strategik çalyşma we ýaşyl ösüş» strategiýasyny berjaý edýär.
Häzirki wagtda TEIF 2025 forumyna gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 255-den gowrak wekil hasaba alyndy.
Has giňişleýin maglumatlary TEIF 2025 forumynyň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.