Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de milli puluň täze nyşanyny tanyşdyrdylar

12:3203.04.2025
0
14682
BAE-de milli puluň täze nyşanyny tanyşdyrdylar
Surat: Belta.by

Birleşen Arap Emirlikleriniň Merkezi banky milli puluň – emirligiň dirheminiň täze nyşanyny hem-de onuň sanly nusgasyny tanyşdyrdy. Bu barada «Sada El-Balad» neşiri habar berdi.

Nyşan puluň iňlis dilinde aňladylmasyny aňladýan harpdan we maliýe ulgamynyň durnuklylygyny alamatlandyrýan iki sany kese çyzykdan ybaratdyr. Sanly dirhem tegelek görnüşde bolup, onuň içinde janly puluň nyşany ýerleşýär.

Sanly pul raýatlar tarapyndan peýdalanmak üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde elýeterli bolar. Ol resmi töleg serişdesi hökmünde ähli töleg nokatlarynda kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň